Kategoriýa: Habarlar
BYD Hytaýyň öňdebaryjy elektrik ulagy öndürijisidir. Kompaniýa ýakynda täze güýçli superkaryny görkezdi. “Ferrari” we “Lamborghini” ýaly segment ägirtleri bilen bäsleşer.
Awtoulagyň "Yangwang U9" diýlip atlandyrylandygy we 4 sany elektrik hereketlendirijisi barlygy habar berildi. Olaryň hersiniň kuwwaty 275 at güýji, umumy güýji 1100 at güýji. Bu awtoulag sagatda 100 km tizlige bary-ýogy 2 sekunt gerek!
Kompaniýa täze superkaryň bir zarýad bilen 700 km ýol geçip biljekdigini öňe sürdi. Bu awtoulagyň bahasynyň "diňe" 145 müň ABŞ dollaryna deň boljakdygy çak edilýär.
Şuňa meňzeş aýratynlyklary bolan “Tesla Roadster” -iň ýakyn wagtda hödürlenmegine garaşylýar. Şeýle hem ýakyn wagtda web sahypamyzda bu awtoulag bilen tanşyp bilersiňiz!