Türkmenistan we Telekeçiler Bileleşiginiň döredilmeginiň 15 ýyllygy
Kategoriýa: Habarlar

«ÝAKYNDAR» BIR DÜWME ÝAKYNLYKDA

Awtoşaýlary bir elektron ulgamynda ýerleşdirmegi başaran ilkinjileriň biri hem Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Guwanç Rozyýewe degişli bolan “Ýakyndar” onlaýn awto dükanydyr.

www.yakyndar.com.tm resmi sahypasy bolan “Ýakyndar” onlaýn dükany awtoulaglar üçin zerur bolan awtoşaýlaryň, ätiýaçlyk şaýlaryň, awtoulag ýük göteriji we ýeňil awtoulaglaryň tekerleriň, awtoulaglary we degişli bolan oba hojalyk kombaýn traktorlarynyň ýag süzgüçleriň, elektronika serişdeleriniň akkumlaýtorlaryň, awtohimiýa serişdeleriniň, reňk beriji enjamlarynyň, şeýle-de awto hyzmatlarynyň giň toplumyny halka hödürleýär.

“Ýakyndar” onlaýn dükanynyň ykjam goşundysyny “Google Play we App Store” arkaly ykjam programma gurluşlara ýüklemek mümkin.

Müşderiler onlaýn dükanynyň web sahypasynda awtoulaglary abatlamak üçin ätiýaçlyk şaýlary we beýleki zerur bolan awtoulaga degişli serişdeleri tapyp bilerler.

Onlaýn dükanynyň web sahypasynda hödürlenýän önümleriň aglabasy Toyota Hyundai BMW Mercedes-Benz Honda Kia Nissan Skoda we ş meňzeş agzalan brend markalarynyň awtoulag görnüşlerine degişli ýokary hilli daşary ýurt kompaniýalarynyň önümleriniň görnüşlerini hödürleýär.

“Ýakyndar” web sahypasynda gözleg we harytlarynyň bölümleri ykjam üç dilde türkmen dili, iňlis dili, rus dilinde harytlaryň ýazgysy maglumatlary berilýär.            Onlaýn web sahypasyna agza bolan müşderiler awtoulag babatdaky öz bildirişlerini hem mugt paýlaşyp bilerler.

Ýakyndar onlaýn awto dükanynyň esasy aýratynlyklary

Ýakyndar onlaýn awto dükanynda 300 TMT harydy sargydy söwda eden müşderiler Aşgabat şäheri Büzmeýin we Ahal çäginde Ýerleşýän Änew etrabyna eltip bermek hyzmaty Mugt!

Bäş welaýatyna eltip bermek hyzmaty

Ýönekeý töleg

Web sahypasynda onlaýn töleg

Nagt we terminal tölegi

3-we 6 aý garaşaryna möhletine awtoulaglara degişli awtoşaýlary satyn almak hyzmaty

Lomoý we bölekleýin söwda awtoharytlary öz bahasynda 30-35 gün garaşaryna satyn almak hyzmaty

24 sagat dowamynda awtoharytlar yzyna almak hyzmaty

Daşary ýurt kompaniýarlaryň ýokary hilli awtoşaýlaryny we awtoulag babatdaky şertnama baglaşmak arkaly daşary ýurtlardan awtoulag getirip bermek hyzmatyny ýola goýdy. Munuň üçin müşderiniň awtoulagyň markasyny saýlamagy we öňünden 50 göterim tölegi geçmesi ýeterlikdir.  Russiýa Federatiw Respuplikasy, Germaniýa Federatiw Respubliaksy, Birleşen Arap Emirlikleri, Hytaý halk Respublikasy, Ruminiýa döwleti, Ýewropa we ş.m daşary ýurtlaryndan awtoşaýlaryny sargyt edip bilersiňiz.   

Ýakyndar onlaýn awto web sahypasynda ähli awtoharytlaryna 100 göterim soraglara jogap berilýär.