«Chevrolet TrailBlazer» bu kompaniýanyň iň arzyly krossowerleriniň biridir. Ýakynda şereket ulagyň 2024-nji ýyl üçin niýetlenen täzelenmesi bilen tanyşdyrdy.
Indi ulagyň muşdaklary awtomobili dürli, ýagny özboluşly ýaşyl we gök reňklerde hem satyn alyp bilerler. Onda täze dizaýna esaslanýan diskler hem bar. Radiator gözenegi, yzky we öňki bamperleriň, çyralaryň görnüşi has kämilleşdirildi.
Awtomobiliň içindäki 8 dýuýmlyk sensor düwmeleri ýerleşen ekran we 11 dýuýmlyk sensor multimediýa ekrany sürüjiniň awtoulagy oňaýly dolandyrmagyna kömek eder. Şeýle-de ulagda «Apple CarPlay» we «Android Auto» kömekçileri bar.
Krossoweriň ýönekeý görnüşinde 1,2 litrlik hatarlaýyn üç silindrli hereketlendiriji bolup, onuň kuwwatlylygy 137 at güýjüne deňdir. Hereketlendirijiler turbo üfleýji häsiýete eýedir. Şeýle-de awtoulagyň has gymmadrak görnüşinde 1,3 litrlik 155 at güýçli hereketlendirijiniň boljakdygy bellenýär.
«TrailBlazer 2024-iň» bahasy geçenki nesillerinden 1000 amerikan dollary möçberinde gymmatlap, 24 395 amerikan dollaryna barabar bolar. Ulagyň flagman görnüşi üçin bolsa 28 395 amerikan dollary möçberinde çykdajy etmeli bolar. Şeýle-de awtomobiliň bahasynyň ýurtlara görä üýtgäp biljekdigini ýatladýarys.