Belarusyň Türkmenistandaky ilçisi Wýaçeslaw Beskostyý çarşenbe güni «BELAWTOMAZ» holdinginiň dolandyryjy kompaniýasy bolan «Minskiniň awtomobil zawody» paýdarlar jemgyýetiniň wekilleri bilen duşuşyk geçirdi.
Bu duşuşyk üçin «MAZ» paýdarlar jemgyýetiniň söwda müdiriniň orunbasary Andreý Zawgorodnyý, awtotehnikalary bejermek we tehniki hyzmat bölüminiň başlygy Sergeý Saýçik we daşary söwda gatnaşyklary bölüminiň ýolbaşçysy Sergeý Papkowiç Aşgabat şäherine geldi.
Duşuşygyň barşynda Belarus awtomobil önümçilik kompaniýasynyň Türkmenistandaky hyzmatdaşlary bilen ulaglary satandan soňky berýän hyzmatlary, Aşgabatdaky Belarus tehnologiýa merkeziniň we «MAZ»-yň Türkmenistandaky wekilhanasynyň işleýşi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Şeýle hem myhmanlar ilçihananyň ýardam bermeginde türkmenistanly işewürler bilen duşuşdylar.
Belarus Türkmenistanyň ýük ulagy we traktorlar babatynda ozaldan gelýän hyzmatlarynyň biridir. Taraplar geljekde bu hyzmatdaşlygy has-da ösdürmegiň üstünde işleýärler.