«Jeep» ulaglaryny öndürýän «Stellantis» kompaniýasy ABŞ-nyň iri şäherleriniň biri bolan Las-Wegasda täze ulaglarynyň tanyşdyrylyş dabarasyny geçirdi.
Tanyşdyrylan ulaglaryň arasynda «Jeep Recon Moab 4xe» bellenmäge mynasypdyr. Ol düýbünden täze tehnologiýalara esaslanýan «Stellantis STLA Large EV» platformasynda taýýarlanypdyr. Bu ulagy elektrikleşdirmäge we göwrümini ulaltmaga mümkinçilik beripdir. Şeýle-de täze «Jeep-de» e-locker tehnologiýasy göz öňünde tutulandyr. Äpet ulagyň aşagynyň ýokary derejeli goraglydygy nygtalýar. Bu bolsa awtomobiliň dagly-düzli, suwly ýerlerde hem bökdençsiz ýöräp biljekdigini aňladýar. Bu ulag indiki ýyldan satylyp başlanar.
Tanyşdyrylyş dabarasynda görkezilen ýene-de bir elektrikleşdirilen «Jeep Wagoneer S EV» kuwwatly görkezijilere eýe bolupdyr. Onuň bazarda «BMW iX» awtomobili bilen bäsleşjekdigi nygtalýar. Ulag şäherde sürmek üçin niýetlenen. Elektrokrossowerde 100 kWts-lyk batareýa ornaşdyrylan. Ol ulaga bir zarýadda 644 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Awtomobiliň 600 at güýçli kuwwata eýe bolandygy bellenýär.