«BMW» IŇ KUWWATLY KROSSOWERINI TAÝÝARLAÝAR
Kategoriýa: Habarlar

Dünýäniň iň meşhur awtoulag öndürijileriniň biri bolan «BMW» kompaniýasy öz ugrunda iň güýçli ulagyny taýýarlady. «BMW XM Label Red» awtoulagy ýakyn wagtda Şanhaý awtosergisinde görkeziler.

Ilki bilen, ulagyň sanynyň çäkli boljakdygyny bellemeli. Onuň jemi 500 sanysynyň öndüriljekdigi aýdylýar. Ulagda V8 4,4 litrlik turbo motor ornaşdyrylan. Onuň ýanynda kömekçi elektromotor göz öňünde tutulan. Bu görkezijilere eýe bolan «BMW-niň» kuwwatlylygynyň 748 at güýjüne deňdigi nygtalýar. Awtomobil 100 km/sag tizlige bary-ýogy 3,8 sekuntda ýetýär. Iň ýokary tizlik bolsa sagatda 250 kilometre deň. Elektromotor ulaga 83 km ýoly geçmäge mümkinçilik berýär.