Meşhur «JD Power» seljeriş kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, fewral aýynda dünýäde «Toyota» kysymly awtomobilleriň ortaça bahalary ýokarlanyp 4,8 göterime, ýagny 46 229 amerikan dollaryna deň boldy we bu görkeziji boýunça täze taryhy rekorda ýetdi.
Bu barada «Toyota» kompaniýasynyň satuw boýunça Demirgazyk Amerika yklymyna ýolbaşçylyk edýän Jek Hollis hem pikirlerini paýlaşdy. Onuň pikiriçe, awtomobilleriň bahalary geljekde hem galmagyny dowam eder.
Hollisiň pikiriçe, ABŞ-da şu ýyl 17 million töweregi awtomobil satylyp bilner. Bu görkezijileriň 15 milliony 2023-nji ýylda satylmaly ulaglar bolsa, galan 2 milliony 2022-nji ýylda kanagatlandyrylmadyk müşderileriň sargytlarydyr. Bu görkezijä ýetmek çig mallar we taýýar önümler gatnadylýan halkara ýollarynyň bökdençsiz işlemegine gös-göni bagly bolar. Şeýlelikde 2024-nji ýyla çenli ulaglaryň bahalarynyň arzanlamagyna garaşyp oturmaly däl.