«Tesla» kompaniýasy geçen ýyl öz robotlary bilen tanyşdyrypdy. Bu barada saýtymyzda ozal habar beripdik. Şeýle-de, biz bu robotlaryň biri-birlerini ýygnaýşy barada maglumat hödürläpdik.
Ýakynda maýadarlaryň öňünde çykyş eden Ilon Mask robotlarynyň häzirki ýagdaýy barada gürrüň berdi. Onuň aýtmagyna görä, «Tesla Bot» häzirki wagtda adamyň hereketlerini gaýtalamaga, ýöremäge we töweregindäki zatlary tanamaga ukyply. Ýokardaky suratda ýodadan ýöräp barýan robotdaky datçikleriň töweregi seljerişi we ondaky zatlary tanaýşy görkezilen. Diýmek, bu robot öňünden çykan päsgelçilikden sowlup geçmäge, ýolundan käbir zatlary aýyrmaga ukyply bolar.
Şeýle-de, täze robotlaryň aýaklary kämil tehnologiýalar esasynda taýýarlanandyr. Ol ýörän ýoluna, aşagynda galan zatlara zyýan ýetirmeýär. Bu suratlarda robotyň gurluşyndaky material bilen ýumurtganyň basylyşy görkezilen.
Görkezilişde robotlaryň adamlara kömek edýän pursatlary hem bar. Olaryň birinde robotlar adamyňky ýaly elleri bilen dürli zatlary alyp, ony gaçyrmazdan başga gaplara ýerleşdirýärler.
Maglumatlara görä, «Tesla Bot» robotlary kompaniýanyň ýakynda öndürmegi meýilleşdirýän «Cybertruck» pikaplarynyň yzysüre köpçülikleýin taýýarlanyp başlanar.