HYTAÝDA KUWWATLY ULAG TAÝÝARLANDY. OL AWTOMOBIL BAZARYNYŇ LIDERINE ÖWRÜLIP BILER
Kategoriýa: Habarlar

«BYD» kompaniýasyna degişli bolan «Denza» brendi täze «Denza N7» krossowerini taýýarlady. Onuň 4 görnüşli boljakdygy bellenýär. Olaryň ikisinde bir hereketlendiriji, galan ikisinde bolsa, iki hereketlendiriji ornaşdyrylar. Bir hereketlendirijili ulagyň kuwwatlylygy 312 at güýjüne, iki hereketlendirijili «Denza-lar» bolsa 529 at güýjüne deň bolar.

Ulagyň iň ýokary tizliginiň sagatda 180 kilometre deň boljakdygy nygtalýar. Ulagyň ýene-de bir aýratynlygy, onuň batareýasynyň temperaturasyny kadalaşdyrmak funksiýasydyr. Bu artykmaçlyk howa ýagdaýlaryna seretmezden ulaga bökdençsiz zarýad bermäge mümkinçilik berýär.

Maglumatlara görä, häzirki wagtda «Denza-nyň» işi ilerleýär. Ol ýanwar aýynda 6439 awtomobil satan bolsa, fewralda 7325 ulagy müşderisine gowşuryp, bu babatda 13,76 göterim ösüş gazanypdyr.