ÝOKARY KUWWATLY HYTAÝ AWTOMOBILI TANYŞDYRYLDY
Kategoriýa: Habarlar

HHR-de kuwwatly «Aion Hyper GT» ulagy tanyşdyryldy. Sedan görnüşli bu ulagda sport ulaglaryna mahsus bolan aýratynlyklar jemlenipdir. Onda ornaşdyrylan elektrohereketlendiriji 340 at güýjüne eýe bolup, bu kuwwatlylyk ulaga 100 km/sag tizlige bary-ýogy 4,9 sekuntda ýetmäge mümkinçilik berýär.

Awtomobiliň biraz soňrak satuwa çykaryljak görnüşinde bolsa iki sany motor ornaşdyrylar. Olar bilelikde 600 at güýjüne eýe bolar. «GAC» kompaniýasyna degişli markanyň inženerleri ulagda aerodinamika aýratynlyklaryna hem üns beripdirler. Netijede, awtomobiliň howadaky sürtülmesi pes derejä getirilipdir.

Ulagyň gapylary sport ulaglaryndaky ýaly ýokarlygyna açylýar. Awtomobilde «Michelin Pilot Sport» sport tekerleri ornaşdyrylyp, olaryň 20 dýuýma eýedigi nygtalýar. Şeýle-de ulagda üç lidar tehnologiýasy, HD kamera, millimetr aralykly radar we ultrases datçikleri göz öňünde tutulan. Bu innowasiýalar «Aion Hyper GT-de» 2,5 derejelik awtonomiýa dolandyryşy üpjün edýär.

Ulagyň bahasynyň 43 müň amerikan dollaryndan başlajakdygy çaklanýar.