Türkmenistanyň Prezidentiniň Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmek hakynda Permany
Kategoriýa: Habarlar

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda awtomobil ýollary pudagyny dolandyrmagy has-da kämilleşdirmek maksady bilen, karar edýärin:

1. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini döretmeli.

2. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligini «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 477-nji Permanyna laýyklykda, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligine birleşen «Türkmenawtoýollary» döwlet konserniniň hukuk oruntutary diýip kesgitlemeli.

3. Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentligi, Türkmenistanyň Gurluşyk we binagärlik ministrligi, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri Türkmenistanyň Adalat ministrligi bilen bilelikde şu Permandan gelip çykýan üýtgetmeleri we goşmaçalary Türkmenistanyň kanunçylygyna girizmek baradaky teklipleri bir aý möhletde taýýarlamaly we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetine bermeli.

4. «Türkmenawtoýollary» döwlet konsernini üýtgedip guramak hakynda» Türkmenistanyň Prezidentiniň 2019-njy ýylyň 29-njy ýanwarynda çykaran 477-nji Permanynyň (Türkmenistanyň Prezidentiniň namalarynyň we Türkmenistanyň Hökümetiniň çözgütleriniň 2019-njy ýyldaky 1-nji ýygyndysynyň 966-njy maddasy) ikinji we üçünji böleklerini güýjüni ýitiren diýip ykrar etmeli.

5. Şu Permanyň ýerine ýetirilişine Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň degişli orunbasarlary, Türkmenistanyň gurluşyk we binagärlik ministri, Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet ministri, Awtomobil ýollarynyň gurluşygyny dolandyrmak baradaky döwlet agentliginiň başlygy hem-de welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleri gözegçilik etmeli.

Türkmenistanyň Prezidenti 

Gurbanguly Berdimuhamedow.