Kategoriýa: Habarlar
«Fisker» kompaniýasy dünýädäki iň netijeli hem-de ýokary hilli elektrokrossower bilen tanyşdyrdy. Onuň ýokary «Ocean Extreme» görnüşiniň 1 zarýadda 707 km ýol geçmäge ukyplydygy bellenýär.
Emma kompaniýanyň beýleki görnüşlerinde, ýagny «Sport» we «Ultra» ulaglarynda görkezijiler biraz peselýär. Onuň birinjisiniň kuwwatlylygynyň 279 at güýjüne, ikinjisiniň 548 at güýjüne barabardygy nygtalýar. Olar bir zarýadda, degişlilikde, 443 km we 610 km ýol geçmäge ukyplydyr.
Ulagyň önümçiliginiň geçen ýylyň aýaklaryna başlanandygy bellenýär. Ulaglar ýakyn wagtlarda Ýewropada satylyp başlanar.