«Ford» kompaniýasy täze uly awtomobili bilen tanyşdyrdy. Furgon awtomobiline «E-Transit Courier» goýlupdyr. Ol kompaniýanyň önümçiligini ýola goýmagy meýilleşdirýän 10 elektromobilleriniň biridir. 2024-nji ýylda öndürilip başlanjak furgon üçin «Fiesta» we «Puma» ulaglaryndaky B2E platformasynyň güýçlendirilen görnüşi peýdalanylypdyr. Awtomobil Rumyniýada öndüriler.
Kompaniýanyň wekilleriniň bellemegine görä, ulag bäş adamlyk bolup, ony dürli maksatlar üçin ulanyp bolýar. Ulagyň dolulygyna elektrikleşdirilen görnüşinde kuwwatlylygy 134 at güýjüne deň bolan elektrik hereketlendiriji ornaşdyrylan. Äpet ýük ulagy bir zarýadda 320 km ýol geçip biler. 100 kWt-lyk zarýad beriji enjam bolsa ulaga 10-dan 80 göterime çenli 35 minutdan hem az wagtda zarýadlanmaga mümkinçilik berer.
Benzin görnüşli «Fordda» bolsa 1 litrlik turboüfleýjili hereketlendiriji ornaşdyrylan. Onuň kuwwatlylygy 123 at güýjüne deňdir. Indiki ýyl çykjak ulaglaryň bahasy satuwyň öňüsyralarynda aýan ediler.