Häzirki döwürde dünýäniň awtomobil bazarynda uly bäsdeşlik dowam edýär. Ýewropanyň, ABŞ-nyň we Aziýanyň awtoöndürijileri bäsdeşlikde üstün çykmak üçin elýeterli baha we täze tehnologiýalara esaslanýan, ýokary hilli, özboluşly ulaglary öndürýärler. Bazaryň talaplaryna laýyklykda, HHR-iň «Changan» kompaniýasy hem multimediýa ekranyny 15 derejede öwrüp bolýan elektrikleşdirilen «Shenlan S7» awtomobilini tanyşdyrdy.
Ulag ýokary kuwwatlylyga eýedir. Onda 258 at güýçli elektrikleşdirilen motor göz öňünde tutulypdyr. Elektromobiliň iň ýokary tizliginiň sagatda 180 kilometre deň boljakdygy bellenýär. Şeýle-de onuň ýol geçiş uzaklygy batareýasyna görä, 520 ýa-da 620 kilometre deň bolar.
Ulagyň gibrid görnüşinde hem bu görkezijiler saklanyp, elektromotor bilen ulag 160 kilometr ýol geçmäge ukyply bolar. Gibrid her 100 kilometr üçin 5,7 litr ýangyjy sarp eder.
Bu ulagyň esasy aýratynlygy onuň interýerindedir. Ol ýokary hilli materiallardan taýýarlanyp, özüne çekiji reňke eýe bolupdyr. Multimediýa ulgamy 14,6 dýuýmlyk ekranda jemlenendir. Bu ekran awtomobili doly derejede dolandyrmaga mümkinçilik berýär. 15 derejede öwrülmäge ukyply ekranyň sürüjileri «bulaşdyrýan» birnäçe «buýruk» düwmeleriniň ornuny üstünlikli tutandygy bellenýär. Bu çylşyrymly gurluşyň işine kuwwatly «Qualcomm Snapdragon 8155» ulgamy jogap berýär.
Dünýäniň dürli künjeklerinde satylmagy meýilleşdirilýän ulagyň başlangyç bahasynyň 23 müň amerikan dollaryna deň boljakdygy nygtalýar.