«IRAN KHODRO-NYŇ» AWTOMOBILLERI GDA DÖWLETLERINE SATUWA ÇYKARYLAR
Kategoriýa: Habarlar

Eýranyň «Iran Khodro» kompaniýasynyň ulaglary dünýä bazarlaryna ýaýradylyp başlandy. Bu maksat bilen kompaniýa «Tara» sedanlarynyň iki görnüşine restaýling, ýagny täzeleme geçirdi. Bu ulaglaryň ýakyn wagtlarda GDA döwletleriniň bazarlaryna çykarylmagyna garaşylýar.

«Tara» awtomobiliniň bu görnüşlerine V3 we V4 atlary dakylypdyr. V3 ulaglarynda açylyp ýapylýan üçek göz öňünde tutulan. V4 ulagynda bolsa bu artykmaçlyklar bilen birlikde goş salynýan ýeri ellemezden açmaga mümkinçilik berýän sensor ýerleşdirilen. Şeýle-de ulagda 1,6 litrlik hereketlendiriji bar. Onuň kuwwatlylygy 115 at güýjüne deň.

Awtomobil şu ýylyň ahyrlaryna çenli satuwa çykarylar.