Russiýa Gazagystan we Türkmenistan bilen Hazar deňziniň daşyndan aýlanýan awtoýoly gurmak meselelerini maslahatlaşar. Bu barada Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Marat Husnullin mälim etdi.
Aýdylyşyna görä, 18-nji maýda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» forumy geçiriler. Türkmenistandan-da wekiliýetiň gatnaşmagyna garaşylýan halkara forumyň barşynda Hazar deňziniň gündogar kenary boýunça awtoulag ýoluny gurmak meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar. Forumyň çäklerinde bu boýunça degişli döwletleriň resmi wekilleriniň arasynda ylalaşygyň baglaşylmagy göz öňünde tutulýar.
Ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň Prezident Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren gepleşiklerinde türkmen tarapyny «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum» halkara forumyna gatnaşmaga çagyrdy.