Oba hojalyk tehnikalaryny öndürýän “John Deere” amerikan kompaniýasy özüniň ilkinji sürüjisiz traktoryny hödürledi. Bu barada Britaniýanyň “Daily Mail” gazeti penşenbe güni habar berdi.
“John Deere 8R” traktory esasynda sürüjisiz traktor çarşenbe güni Las Wegasda Sarp ediş elektronikasy sergisinde hödürlendi.
Daýhanlar traktory öýjükli telefonlar arkaly dolandyryp bilerler we günüň dowamynda 24 sagatlap işledip bilerler. Täze traktor 6 sany jübüt kamera we emeli intellekt bilen enjamlaşdyrylyp, onuň girizilen hereket ediş ýolundan 2,5 santimetre çenli ýalňyşmaga ähtimallygy bardyr. Traktoryň emeli intellekti haýsydyr bir haýwan ýa-da zat ýüze çykan ýagdaýynda togtamaga mümkinçilik berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, 2019-njy ýyldan bäri enjamlar ABŞ-da daýhanlar topary tarapyndan synagdan geçirilýär.
“John Deere” kompaniýasy 8R sürüjisiz traktoryny satmak bilen bir hatarda, sürüjisiz hereket etmäge ukyply bolan tehnologiýany adaty 8R traktoryna bir günde gurnap boljakdygyny aýtdy.
Kompaniýa şu ýyl 20-ä çenli sürüjisiz traktorlary öndürer we ýakyn ýyllarda özüniň önümçiliginiň gerimini giňelder. Ýöne täze sürüjisiz traktoryň nähili görnüşde ýerleniljekdigi belli däl. Olar gönüden-göni satylyp, kärendä berlip ýa-da abuna hyzmaty esasynda ýerlenilip bilner.
“John Deere” we “Caterpillar” ýaly ýörite tehnika enjamlaryny öndürijiler oba hojalyk traktorlar we gurluşyk tehnikalar ýaly ýörite tehnikalary sürüjisiz dolandyrmak boýunça tehnologiýalara uly maýa goýdular.