Kategoriýa: Habarlar
Ady rowaýata öwrülen «Range Rover» ulagynyň 2024-nji ýyla niýetlenen görnüşi görkezildi. Ulagyň dizaýny we motory özgerdilipdir.
«Land Rover» kompaniýasy «BMW» şereketiniň hereketlendirijisini peýdalanmak boýunça ylalaşyk baglaşypdy. Bu ulagda hem şol kompaniýanyň motory ornaşdyrylypdyr. 8 silindrli hereketlendirijiniň kuwwaty 615 at güýjüne deňdir. Awtomobilde «Pivi Pro» atly multimediýa sürüjilere hyzmat eder. Bu ekran bilen ulagy dolulygyna dolandyryp bolar. Dagda-düzde hereket etmäge ukyply ulagyň diňe rolunda düwmeler bar.
«Range Rover» awtomobilinde «Terrain Response 2» kruiz-kontrol ulgamy göz öňünde tutulan. «New Country Road Assist» ulgamy bolsa ulagyň ýolda dogry we dürs ýöremegine mümkinçilik berýär.