Remezan – musulman senenamasynyň dokuzynjy aýydyr, şol döwürde musulmanlar 30 günlük säherden agşama çenli agyz bekläp, Oraza tutýarlar we aýyň ahyrynda Oraza baýramyny belleýärler.
Mukaddes Remezan aýy diňe bir berk agyz beklenýän wagt däldir. Ol ruhy arassalygyň nyşanydyr, günäli pikirlerden saplanmaga we Gudratygüýçlä wepalylygyňy subut etmek üçin ýagşy işleri etmäge mümkinçilikdir.
Mukaddes aýyň başlangyjy we ahyry her ýyl dürli senelere düşýär, çünki ol aý senenamasy esasynda kesgitlenýär. 2023-nji ýylda Remezan 23-nji martyň säheri bilen başlanar we 20-nji aprel gijesine çenli dowam eder. 21-nji apreliň säherinde bolsa Oraza baýramy belleniler.
Oraza tutmak Günüň dogmagy bilen başlanýar we Gün ýaşanda tamamlanýar. Bu döwürde agyz beklemek dowam edýärkä säherden agşama çenli musulmanlar nahar iýmeli we suw içmeli däldirler.
Şonuň üçin hem mukaddes Remezan aýynyň her gününi haçan dogry başlamalydygyny we tamamlamalydygyny bilmek möhümdir. Şunda 2023-nji ýylyň her güni üçin Oraza meýilnamasy kömek edip biler, onda Günüň dogmagy we ýaşmagy bilen baglanyşykly agyz beklenilýän (Gün dogmanka nahar edinmek) we agyz açylýan (agşamlyk nahary) wagtlary görkezilýär.