«Ford» kompaniýasy täze «Puma ST Powershift» ulagy bilen tanyşdyrdy. Onda bary-ýogy 1 litrlik «EcoBoost» hereketlendirijisi ornaşdyrylypdyr. Möçberiniň kiçidigine garamazdan, motoryň kuwwatlylygynyň 168 at güýjüne deňdigi nygtalýar. Şeýle kuwwatlylygy bolan ulagyň 100 km/sag tizlige bary-ýogy 7,4 sekunt wagtda ýetip bilýändigi nygtalýar.
Ulagyň kuwwatlydygyna garamazdan, onuň 100 km ýol üçin 6,3 litr benzin sarp edýändigi bellenmäge mynasypdyr. «Fordda» «Android Auto» we «Apple CarPlay» funksiýalary göz öňünde tutulan. Şeýle-de bu ýerde kämil multimedia ulgamy, emeli deriden taýýarlanan oturgyçlar, ýagyş datçigi, sürüjiniň kömekçisi we beýleki artykmaçlyklar bar.
Awtomobiliň bahasy we goşmaça tehniki häsiýetleri baradaky maglumatlar ýakyn wagtlarda mälim ediler.