Saturnyň hemrasy Titan Gün ulgamynda ýaşaýşyň döremeginiň iň ähtimal ýerleriniň biri hasaplanýar. Hemrany we onuň görkezijilerini öwrenmek üçin NASA guramasy 2027-nji ýylda «Dragonfly» arş gämisini uçurar. Zond emeli hemranyň topragyny öwrenmäge ukyply tehnologiýa bilen üpjün ediler.
Titan ýaşaýyş döremek üçin Gün ulgamynyň iň amatly ýerleriniň biri hasaplanýar. Bu ýerde çylşyrymly gurluşly, uglerodlara baý topragyň we ummanyň bolmagy hemranyň gymmatyny has-da artdyrýar. «Dragonfly» bolsa Titanyň topragyny seljerip, gerekli maglumatlary Ýere ugratmaga ukyply bolar.
«Dragonfly» Titandaky «ýaşaýyş» bilen baglanyşykly jedelleri doly derejede çözmäge mümkinçilik berer. Ony döredýän toparyň başga bir arş gämisini — Marsda hereket edýän «Curiosity» zondy döretmegi bolsa taslamanyň üstünlikli amala aşyryljakdygyna ynamy artdyrýar.