TÄZE «TOYOTA COROLLA» TANYŞDYRYLDY
Kategoriýa: Habarlar

Dünýäniň iň meşhur awtoulag öndürijileriniň biri bolan «Toyota» täze «Corolla» ulagy bilen tanyşdyrdy. Ol krossower görnüşine eýe.

Ulag TNGA-C platformasynyň esasynda gurnalypdyr. Bu platforma ulagy gibrid görnüşinde taýýarlamaga mümkinçilik berýär. Ulagyň 2 litrlik benzinde işleýän hereketlendirijisiniň we elektromotorynyň umumy kuwwaty 196 at güýjüne deň bolar. Ulag 100 km/sag tizlige ýetmek üçin bary-ýogy 8 sekunt sarp eder.

«Toyota Corolla Cross Hybrid 2023» ulagy 17 dýuýmlyk ýeňil ereýän ýokary hilli disklere, 8 dýuýmlyk sensor ekranly multimediýa ulgamyna, açarsyz dolandyryş we sürüjä görünmeýän zolaklara gözegçilik etmek artykmaçlyklaryna eýe bolar.

Ulag ABŞ-da taýýarlanýar we ol ýerde bahanyň 27 970 amerikan dollaryna deň boljakdygy bellenýär.