Kategoriýa: Habarlar
«Ford» kompaniýasy ajaýyp «Edge L» elektrokrossowerini tanyşdyrdy. Onda äpet batareýa we kuwwatly benzin motory ornaşdyrylypdyr. Bu artykmaçlyk ulaga bir zarýadda we doly ýangyçda 1188 km ýol geçmäge mümkinçilik berýär. Müşderilere ulagyň 5 we 7 orunlyk görnüşleri hödürlenýär.
Ulagyň tekerleriniň alýuminden ýasalandygy nygtalýar. Ol 2-nji derejeli awtodolandyryş ulgamy bilen üpjün edilipdir. Bu çylşyrymly tehnologiýany «Ford SYNC Technology» ulgamy dolandyrýar.
Göwrümi 2 litre barabar motor 251 at güýçli kuwwatlyga eýedir. Ol 100 km üçin 8,44 litr ýangyjy sarp edýär. Awtomobildäki elektromotor bolsa 190 at güýçlük kuwwata deňdir.