«Haval» krossowerleri Hytaý Halk Respublikasynyň iri «Great Wall Motors» kompaniýasynyň iň meşhur we ýokary hilli ulag görnüşi hasaplanýar. Krossowerler 2005-nji ýyldan bäri öndürilip gelinýär. Şondan bäri az wagtyň geçendigine garamazdan, häzirki wagtda dünýäniň 40 töweregi döwletinde bu ulaglaryň 1 million sanysy satylypdyr. Ýakyn wagtlarda kompaniýanyň flagman «Haval-lary» dünýäniň beýleki döwletlerinde hem satylyp başlanar.
Ýakynda Hytaýda öndürilýän iň gowy krossowerleriň biri hasaplanýan «Haval 6» ulagynyň täze nesli tanyşdyryldy. Ol öňkülerden has gözel we kuwwatly görnüşde çykarylypdyr.
Ulagda göwrümi 2 litre deň bolan 238 at güýçli, dört silindrli turbo hereketlendiriji ornaşdyrylypdyr. Awtomobiliň öňki çyralary täze dizaýna eýe bolup, öňküden biraz inçeldilipdir. Ulagyň 18 we 19 dýuýmluk tekerler bilen üpjün ediljekdigi bellenýär. Ulagyň goşmaça häsiýetleri, hususan-da, multimediýa ulgamy, interýeri, bahasy baradaky maglumatlar satuwyň öň ýanlary mälim ediler.