TÄZE AT, TÄZE GARAÝYŞ, TÄZE «HYUNDAI»
Kategoriýa: Habarlar

«Hyundai» ulag görnüşleriniň sanyny köpeltmegini dowam edýär. Sanawda indiki — düýbünden täze krossower «Exter». Bu krossower benzin bilen hem, gaz bilen hem işlemäge ukyplydyr.

Ulag iýul aýynda Hindistanda satylyp başlanar. Krossoweriň esasy «i10», «Grand i10 Nios», «Aura» we «Casper» ulaglarynyňky bilen meňzeş bolar. Bu bolsa onuň hiliniň «asgyn» bolmajakdygyny aňladýar.

Ulagyň içiniň ýokary derejeli materiallardan taýýarlanandygy nygtalýar. Onda sürüjiniň we beýleki ulagdaky adamlaryň kadaly dynç almagy üçin ajaýyp mümkinçilikleriň döredilendigi hem mälim edilýär.

Ulag 1,2 litrlik 82 at güýçli benzin hereketlendiriji bilen müşderilere hödürlener. Gaz we benzin bilen işleýän «Exteriň» motory bolsa 68 at güýjüne deň bolar. Ulagyň kuwwatynyň ýokary däldigi krossoweriň şäher şertlerinde sürüljekdigi bilen düşündirilýär.