Taksi sargyt etmegiň täze «Onlaýn taksi» hyzmaty ýola goýuldy
Kategoriýa: Habarlar

Awtomobil ulag hyzmaty açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti tarapyndan taksi sargyt etmegiň täze onlaýn hyzmaty işe girizildi.

«Onlaýn taksi» — ulanmak üçin amatly bolan taksi sargyt etmek üçin niýetlenen ykjam goşundysy. Bu ykjam goşundynyň gurluşy sada we düşnükli. Ulanyjy programmadan onlaýn görnüşde dessine ulag sargyt edip biler. «Onlaýn taksi» goşundysy Android operasion ulgamyna tölegsiz ýükläp almak üçin elýeterdir.

Goşundyny smartfonyňyzda işe girizeniňizden soň, programma GPS ulgamy arkaly siziň ýerleşýän ýeriňizi anyklaýar, şonuň esasynda bolsa sürüjä müşderiniň ýerleşýän ýeri barada habar barýar.

Sargyt edeniňizde barmaly ýeriňiziň takyk salgysyny girizmeli. Sargyt edilen awtoulag gelen mahaly müşderiniň smartfonyna sesli duýduryş gelip, taksiniň gelendigini habar berýär. Barmaly salgyňyza ýeteniňizde bolsa smartfonyňyza gatnawyň tölegini görkezýän SMS habary gelýär.

Mundan başga hem ykjam goşundyda gatnawlaryňyzyň taryhyny görüp bilersiňiz. Goşundynyň goşmaça aýratynlygy hökmünde bolsa «Halaýan ýerlerim» funksiýasynyň girizilendigini görkezmek bolar. Onuň kömegi bilen iň köp barýan ýeriňiziň salgysyny girizip bilersiňiz .

Häzirki wagtda taksi gatnawynyň tölegini nagt hem-de bank karty arkaly sürüjiniň terminalyna töleg geçirmek bilen hasaplaşyp bolýar. Ýakyn wagtda bolsa tölegleriň onlaýn hasaplaşygyny ýola goýmak meýilleşdirilýär.