1-nji martdan başlap, paýtagtymyzda 530 sany täze ýeňil taksi awtoulaglary işe girizildi.
Paýtagtymyzyň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna ýokary hilli hyzmat etmek üçin taksi hyzmatlary gije-gündiziň dowamynda işleýär.
Şäher taksi hyzmatyny ulanmak üçin degişli belgä jaň edip ýa-da hyzmaty sargyt edip bilersigiz.
Şeýle hem 50 sany «Toyota Corolla» awtoulaglary «Türkmenawtoulaglary» agentligine degişli bolan «Ahalawtoulag» önümçilik birleşigine berildi.
Türkmenabat şäherinde hem täze awtoulaglaryň sany artdy.
«Lebapawtoulag» önümçilik birleşiginiň ygtyýaryna 85 taksi berildi.
Olaryň kyrk bäşisi dünýä belli ýapon öndürijisi «Toyota Corolla» awtoulaglary we kyrkysy Günorta Koreýanyň «Hyundai Elantra» awtoulaglarydyr.
Häzirki wagtda şäher taksileri bolan «Hyundai Elantra» we «Toyota Corolla» awtoulaglarynyň ýüzlerçesi döwlet gullugynda hyzmat edýärler.
Bu bolsa ulag düzümini ösdürmek, awtomobil we beýleki ulaglaryň tehniki binýadyny döwrebaplaşdyrmak babatda hormatly Prezidentimiziň yzygiderli amala aşyrýan durmuş-ykdysady syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Häzirki wagtda özleri üçin sürüji kärini saýlan ýaş hünärmenler resmi taýdan taksi sürüjisi bolup işlemek mümkinçiliginden peýdalanýarlar.