Kategoriýa: Habarlar
«Nissan» kompaniýasy özüniň «Nissan Ambition 2030» meýilnamasyna girizilen üýtgeşmeleri bilen tanyşdyrdy. Oňa laýyklykda, kompaniýa 2030-njy ýyla çenli elektrikleşdirilen ulaglarynyň sanyny 27-ä ýetirer. Olaryň 19-sy arassa elektromobil bolar. Galany bolsa gibrid görnüşde öndüriler.
Şeýlelik bilen, «Nissan» we oňa degişli «Infinity» ulaglarynyň jemi elektrikleşdirilişi 55 göterime deň bolar. Kompaniýanyň 2026-njy ýyldaky elektromobilleriniň satuwy indiki tertipde bolar:
-
Ýewropa: 98 göterim;
-
Ýaponiýa: 58 göterim;
-
Hytaý: 35 göterim.
2030-njy ýyla çenli kompaniýanyň ABŞ-da satýan ulaglarynyň 40 göterimi elektromobil bolar. Şeýle-de kompaniýanyň Hytaý üçin ýörite aýratyn elektromobil taýýarlaýandygy bellenýär.