«Nordwind Airlines» ýene bir gatnawynda Türkmenabadyň Halkara howa menzilini tehniki gonuş üçin ulanar
Kategoriýa: Habarlar

Türkmenabat şäheriniň Halkara howa menzili halkara uçuşlary üçin möhüm düşelge hökmündäki ähmiýetini artdyrýar. Russiýanyň «Nordwind Airlines» awiakompaniýasy Krasnodar (Russiýa) ― Bohtar (Täjigistan) aralygyndaky uçuşlarda bu menzili tehniki gonuş üçin ulanyp başlamakçy. Awiakompaniýanyň resmi web saýty bu gatnaw boýunça 30-njy ýanwardaky uçuşlardan başlap, Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň tehniki hyzmatlaryndan peýdalanyljakdygy habar berildi.

Awiakompaniýanyň gyşky rejenamasynda Russiýanyň we Täjigistanyň aralygynda Moskwa ― Bohtar, Ýekaterinburg ― Bohtar, Nižniý Nowgorod ―Bohtar we Orenburg ― Hujand ugurlary hem görkezilýär.

Sagatda 500 ýolagça hyzmat edip bilýän Türkmenabadyň Halkara howa menziliniň 2018-nji ýylda açylyp, ulanylmaga berlendigini ýatladýarys. Bu menzil dünýäniň iň uly howa gämilerini hem kabul etmäge mümkinçilik berýär. Şeýle hem ol GDA döwletlerini Günorta-Gündogar Aziýa, Ýewropa, Amerika bilen howa ýoly arkaly birleşdirmekde möhüm ähmiýete eýedir.