Türkmenistan halkara motoýörişe gatnaşyjylary garşylar
Kategoriýa: Habarlar

«Astrahan 24» saýty 1-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastyndan badalga alan «Hazar ― dostluk deňzi» atly motoýörişe gatnaşyjylaryň Türkmenistana gelendiklerini habar berdi.

Düýn motoýörişe gatnaşyjylar Türkmenistanyň çägine aralaşdylar. Garabogaz şäherçesinde olary Türkmenistanyň Balkan welaýatynyň resmi wekilleri mähirli garşyladylar. Soňra topar «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna tarap ýoluny dowam etdi. Ýörişe gatnaşyjylar şol ýerdäki «Berkarar» myhmanhanasynda dem-dynç aldylar. Soňra motosürüjiler Aşgabada tarap ýola düşdüler.

Motoýörişe gatnaşyjylara Russiýa Federasiýasynyň Astrahan oblastynyň gubernatory Igor Babuşkin kerwenbaşylyk edýär. Olaryň ilkinji duralgasy Gazagystanyň Atyrau, ikinji düşelgesi bolsa Mangistau welaýatlary boldy.

11-nji aprele çenli motosürüjileriň kerweni Eýranyň Babolser we Reşt şäherlerine, Azerbaýjanyň Astar we Baku şäherlerine hem-de Russiýanyň Kaspiýsk şäherine barar. Ýaryşa gatnaşyjylar 10 günde motosikl bilen, takmynan, 5 müň kilometr ýol geçerler. Motoýöriş şeýle ugur boýunça ilkinji gezek geçirilýär. Bu çäräniň maksady Hazar sebitiniň ýurtlarynyň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny berkitmekden ybaratdyr.