KOMPANIÝA SEDANLARY AZALDÝAR
Kategoriýa: Habarlar

«Volkswagen» kompaniýasynyň iň meşhur ulaglarynyň biri-de «Passatdyr», emma kompaniýa benzin hereketlendirijide işleýän sedanlaryny azaldýar. Şonuň üçin-de, ýakynda bu ulagyň mirasdüşeri — «Volkswagen ID. 7» tanyşdyryldy.

Maglumatlara görä, «Volkswagen ID. 7» 204 at güýjüne deň bolan elektrikleşdirilen hereketlendirijä eýe. Elektromobiliň bir zarýadda 700 km ýol geçmäge ukyplydygy bellenýär. Hereketlendirijiniň göwrümi 4956 х 1862 х 1537 mm-e deň. Ulagyň agramy 2122 kg-a barabar bolar. Onuň iň ýokary tizligi sagatda 155 km bilen çäklener.