«Peugeot 208» Ýewropa yklymynda 2022-nji ýylda iň köp satylan ulag hökmünde yglan edildi. Öň sanawda birinjiligi 14 ýyl bäri «Volkswagen Golf» eýeleýärdi.
Maglumatlara görä, geçen ýyl Ýewropada fransuz ulagynyň 206 müň 816-sy satylypdyr. Sanawda ikinji orunda elýeterli «Dacia Sandero» awtomobili ýerleşip, onuň 200 müň 550-si müşderilere gowşurylypdyr.
«Peugeot 208» 1,2 we 1,5 litrlik motorlar bilen üpjün edilipdir. Ulag «Ýewro-5» ülňülerine laýyklykda taýýarlanyp, onuň 6 görnüşi — «Access» (elýeterli), «Access+» (elýeterli+), «Active» (işjeň), «Allure» (özüne çekiji), «Feline» (pişik) we «Ice Velvet» (buz mahmal) satylýar.
Ulagyň elektrik togy, benzin we dizel bilen işleýän görnüşleri bar. Olaryň kuwwatlylygy görnüşlerine görä 75-den 136 at güýji aralygynda bolýar. Ulagda kämil multimediýa ulgamy, «Apple CarPlay», «Adroid Auto» funksiýalary bar. Onuň 100 km/sag tizlige ýetmegi üçin 10,2 sekunt gerek. Awtomobiliň iň ýokary tizligi 188 km/sag.