Beýleki kompaniýalardan tapawutlylykda, «Lamborghini» her ýyl täze awtomobil öndürmeýär. Ol täze ulaglary bilen hem seýrek tanyşdyrýar. Şonuň üçin hem kompaniýanyň täze «Revuelto» ulagy awtosöýüjileriň arasynda uly seslenme tapýar. Galyberse-de, «Revuelto» nowasy ýokary hilli karbondan ýasalan ilkinji «Lamborghini-dir».
«Revuelto» ulagynda 6,5 litrlik 12 silindrli hereketlendiriji ornaşdyrylan. Onuň kuwwatlylygy 1015 at güýjüne deňdir! Kuwwatlylyk ulagyň 4 tekerine paýlanýar. Bu bolsa ulagyň ygtybarly hereketini üpjün edýär.
Täze «Lamborghini» 100 km/sag tizlige bary-ýogy 2,5 sekuntda ýetmäge ukyply! Ulag 200 km/sag tizlige bolsa 7 sekuntda ýetýär. Awtomobiliň iň ýokary tizligi 350 km/sag. «Revuelto-nyň» içinde 12,3 dýuýmlyk sanly displeý (sürüji üçin), 8,4 dýuýmlyk multimediýa ekrany we sagda oturýan adam üçin aýratyn 9,1 dýuýmlyk kömekçi ekran göz öňünde tutulan. Ulagy ýörite goşundy bilen uzak aralykdan dolandyryp bolýar. «Lamborghini Revuelto» awtomobilini satyn almak üçin 600 000 amerikan dollary möçberinde çykdajy etmeli bolar.