GYMMAT BAHALY WE ÝOKARY HILLI AWTOMOBILLERI SÖÝÜJILER ÜÇIN TÄZE «ALFA ROMEO» TAÝÝARLANÝAR
Kategoriýa: Habarlar

Meşhur «Alfa Romeo» kompaniýasy özüniň ýokary hilli we çalasyn ulaglary bilen meşhurlyk gazandy. Aslynda, kompaniýanyň ady hem tizlik bilen baglanyşdyrylýar. Onuň awtomobilleriniň abraýly halkara ýaryşlarynda baýrakly orunlary eýelemegi kompaniýanyň abraýyny artdyrdy.

Kompaniýanyň iň guwanýan awtomobilleriniň biri hem geçen asyryň 60-njy ýyllaryndan bäri öndürilýän «Alfa Romeo Giulia Quadrifoglio» ulagydyr. Onda V6, 2,9 litrlik göwrümli iki turbinaly hereketlendirijili ornaşdyrylypdyr. Onuň kuwwatlylygy 510 at güýjüne deňdir. Kompaniýanyň maglumatlaryna görä, häzir üstünde işlenilýän ulagyň täze nesli bu görkezijilerden iki esse güýçli bolar.

Ulagyň täze neslinde elektrik hereketlendirijiler ornaşdyrylar. Ulaglaryň görnüşine görä, olaryň kuwwatlylygy hem üýtgär. Iň sada görnüşdäki ulagyň kuwwatlylygy 345 at güýje, kuwwatlylygy has ýokarlandyrylan «Giulia» bolsa 790 at güýje deň bolar. Zarýad bilen doldurylanda elektromobiliň bir wagtda 700 km ýol geçmäge ukyply boljakdygy nygtalýar.

Onda 800 Wt-lyk zarýad beriji tehnologiýa ornaşdyrylar. Bu bolsa ulaga zarýad bermek üçin sarp ediljek wagtyň awtomobile benzin guýanyňdakydan uzak bolmajakdygyny aňladýar.

Ulagyň bahasynyň gymmat boljakdygy we ilkinji gezek 2025-nji ýylda tanyşdyryljakdygy bellenýär.