Germaniýadaky iri startaplaryň biri «e.Volution» ömürlik hyzmat etjek ulagyň taslamasy bilen tanyşdyrdy. Oňa «Space» ady dakyldy. Kompaniýanyň täze ulagynyň eýesine 50 ýyl hyzmat etjekdigi nygtalýar. Şol bir wagtyň özünde ulaga her 5 ýyldan düýpli bejergi geçirmeli we batareýany çalyşmaly bolar.
Ulagyň ikinji aýratynlygy onuň adyndadyr. Ulagyň ady kosmos diýmegi aňladýar. Bu bolsa ulagyň içiniň örän giň boljakdygyny aňladýar. Awtomobiliň iki görnüşde — 4,1 m we 4,9 m ululykda hödürlenmegine garaşylýar. Olaryň birinjisi 5 adama, ikinjisi bolsa 8 adama niýetlenendir.
Awtomobildäki batareýa ulaga bary-ýogy 150 km ýol geçmäge mümkinçilik berer. Döwrebap u;aga benzin hereketlendirijisi ornaşdyrylar. Bu bolsa ualgyň geçmäge ukyply ýoluny 750 km-e çenli ýetirmäge mümkinçilik berer.
Gibrid ulagyň içi ekologiki taýdan arassa materiallardan taýýarlanypdyr. Bu kompaniýa täze ulagyny 2025-nji ýylda öndürip başlamagy meýilleşdirýär. Bahalaryň hem şol senä golaý aýan edilmegine garaşylýar.