«MERCEDESI» GÖÇÜRDILER
Kategoriýa: Habarlar

Geçen asyryň dowamynda Eýranyň şasy Muhammet Reza Pehlewiniň teklibi bilen döredilen «Mercedes-Benz G-class» ýa-da «Gelendwagen» häzirki wagtda dünýäniň iň kämil ulaglarynyň biri hasaplanýar. Ol kuwwatly, ygtybarly we örän ýyndam. Emma ulagyň bahasynyň gymmatdygy (ulagyň iň sada görnüşiniň-de 100 müň amerikan dollaryndan ýokarydygy nygtalýar) awtoulagyň muşdaklaryna ony satyn almaga mümkinçilik berenok. Şonuň üçin-de, «Force Motors» kompaniýasy elýeterli we 10 orunlyk «Gelendwageniň» göçürmesini taýýarlady.

Ulagda oturgyçlar 2+3+2+3 görnüşde ýerleşdirilen. Onuň uzynlygy 5120 mm-e deň. Ulagda sowadyjy, elektrikleşdirilen aýna galdyrdyjylar, kämil multimediýa ulgam göz öňünde tutulan. Awtoulag 91 at güýçli atmosfera dizeline eýe. Ulagyň görkezijileriniň ýönekeýligi onuň bahasynyň elýeterli bolmagyna mümkinçilik döredýär. Awtoulagyň Hindistandaky bahasynyň «bary-ýogy» 18,3 müň amerikan dollaryna deňdigi nygtalýar.