ÝOKARY HILLI WE ELÝETERLI ELEKTRIKLEŞDIRILEN ULAG TANYŞDYRYLDY
Kategoriýa: Habarlar

«Citroen» kompaniýasy «Ё-C3» ykjam elektrokrossoweri bilen tanyşdyrdy. Onuň ýokary hilli materiallardan taýýarlanandygy, bahasynyň hem elýeterliligi bellenýär.

Awtomobildäki elektromotor 57 at güýçli kuwwata eýe bolup, o diýen bir güýçli däl. Ol 6,8 sekuntda bary-ýogy 60 km/sag tizlige ýetmäge ukyply. Ulagyň iň ýokary tizligi bolsa 107 km/sag deň.

Emma ulagyň artykmaçlyklary hem bar. Bahasynyň arzandygyna garamazdan, ol 57 minutda 10 göterimden 80 göterime çenli zarýad alyp bilýär. Şeýle-de elektrokrossoweriň içinde 10 dýuýmlyk ekranly multimediýa ulgamy göz öňünde tutulan. Häzirlikçe ulag Hindistanyň bazary üçin döredilipdir. Emma onuň şäherler üçin döredilendigi bellenýär. Şonuň üçin hem «Ё-C3» dünýä bazarlarynda satuwa çykarylyp bilner.