TÜRKMENISTANDA “ŞIR ÝAG” HARYT NYŞANLY TÄZE ÇALGY ÝAGLARY ÖNDÜRILIP BAŞLANDY
Kategoriýa: Habarlar

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň döredilmeginiň 15 ýyllygy mynasybetli geçirilýän sergide täze “Şir ýag” haryt nyşanly çalgy ýaglary görkezildi. Şu ýylyň başynda önümçiligine girişilen bu ýagy “Asuda akym” hojalyk jemgyýeti öndürýär.

Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň çäginde ýerleşýän önümçilik desgasynyň kuwwaty aýda 80 tonna, ýylda 20 müň tonna ýag öndürmäge ukyplydyr. Häzirki wagtda zawodda 6 önüm topary, jemi 25 görnüşli önüm öndürilýär. Zowudyň  1, 5 we 20 litr gaplarda önüm öndürmek mümkinçiligi bolup, bu önümler halkara standartlaryna doly laýyk gelýär we bäsdeşlige ukyplydyr.