ABŞ-nyň iri «Hotcars» internet seljeriş çeşmesi ýurtdaky iň ygtybarly ulaglaryň sanawyny düzdi. Sanawyň dürli awtoulag guramalarynyň hasabatlarynyň esasynda düzülendigi nygtalýar.
Şeýlelik-de, «Hotcars» «Toyota Corolla Hybrid» ulagyny «Iň ygtybarly awoulag» diýip yglan etdi. Ol mümkin bolan 100 baldan 93 bal gazandy. Ikinji we üçünji orunlarda hem «Toyotanyň» gibrid «Priusy» we benzin bilen işleýän adaty «Corollasy» ýeleşýär.
Markalaryň arasynda-da iň ygtybarly ulaglary öndüriji hökmünde «Toyota» yglan edildi. Ol 100 baldan 72 bal gazanmagy başardy. Sanawda ikinji orunda «Lexus» kompaniýasy ýerleşýär, ol hem 72 bal gazanmagy başardy. Üçünji orun «Mazda» kompaniýasynyňky — 65 bal.
Sanawyň iň geň galdyrýan ýeri hem dünýäniň flagman awtolaryny öndürijisi, ady «hil» bilen sinonim hasaplanýan «BMW-niň» dördünji orunda ýerleşmegidir. Ol bary-ýogy 65 bal gazanypdyr. Bäşinji orunda ýaponlaryň «Honda» kompaniýasy ýerleşýär, ol 62 bal bilen oňňut etmeli boldy.