Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň Polisiýanyň ýol gözegçiligi gullugy Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylaryna we myhmanlaryna hereket howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen şulary ýatladýar:
2023-nji ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk güni mynasybetli Aşgabatda giňden ýaýbaňlandyrylýan sport çäreleri bilen birlikde köpçülikleýin welosiped ýörişi geçiriler.
Bu ýörişe paýtagtyň Bekrewe we Çandybil köçesiniň aýlawçasyndaky Welosiped binasyndan gündogarlygyna badalga berlip, Çandybil we Bitarap Türkmenistan şaýolunyň çatrygyndaky aýlawçadan demirgazyklygyna, Bitarap Türkmenistan şaýolunyň ugry bilen Galkynyş köçesine çenli aralykda bolar. Şoňa laýyklykda, günüň birinji ýarymynda ulaglaryň hereketiniň çäklendirilýändigi ýatladylýar.
Şonuň üçin sürüjilere hereketi Arçabil, Garaşsyzlyk, Türkmenbaşy şaýollarynyň üsti bilen dowam etmeklik maslahat berilýär.
«Hormatly sürüjiler! Awtoulaglaryňyzy ýol ýakalarda goýmaklygyň, her bir herekete gatnaşyja düýpli päsgelçilik döredýändigini ýatda saklaň, barýan ugruňyzy öňünden kesgitlemegi unutmaň!» diýlip, habarda bellenilýär.