«Suzuki» kompaniýasynyň «Jimny» awtoulaglary ýyllaryň dowamynda dünýäniň iň meşhur ulaglarynyň hatarynda tanalýar. Ol 1968-nji ýyldan bäri çykarylýandygyna garamazdan, onuň meşhurlygy ýylsaýyn artýar.
Ýakynda bolsa «Suzuki» kompaniýasy bu ulagynyň elektrikleşdirilen görnüşini satuwa çykarmagy meýilleşdirýändigini belledi. «Jimny» ulagy bilen birlikde elektrikleşdirilen ulaglaryň ýene-de 4 sanysynyň dörediljekdigi bellenýär. «Suzuki» kompaniýasy bu maksatlar üçin 35 milliard amerikan dollary möçberinde maýa goýdy.
Kompaniýanyň berýän maglumatlaryna görä, 2030-njy ýyla çenli Ýewropada satylýan «Suzukileriň» 80 göterimi elektrikleşdiriler. Howanyň hapalygyndan ejir çekýän Hindistan üçin bolsa 6 sany elektromobil taýýarlanýar. Bu elektromobilleriň ilkinjisi eýýäm aprel aýyndan satuwa çykarylar. Kompaniýanyň ulaglaryny dünýäniň islendik künjeginden sargyt edip bolýar.