17 — 19-njy aprelde Russiýanyň paýtagty Moskwa şäherinde 27-nji Halkara ulag-logistika hyzmatlarynyň, ammar enjamlarynyň we tehnologiýalarynyň sergisi geçiriler. 12 bölümde geçiriljek halkara sergä dünýäniň 18 ýurdundan logistika, ýükleri saklap bermek, ekspeditorçylyk we ammar enjamlarynyň üpjünçiligi ugurlarynda iş alyp barýan kompaniýalaryň 245-si gatnaşarlar.
Başgaça «TransRussia» diýlip atlandyrylýan halkara sergi ýükleri eltip bermek, ammarlarda, terminallarda saklap bermek hem-de degişli gümrük amallaryny ýerine ýetirmek hyzmatlary bilen meşgullanýan rus, şeýle hem daşary ýurtly kompaniýalar bilen hyzmatdaşlygy ýola goýmaga amatly mümkinçilikdir. 3 günläp dowam etjek serginiň çäklerinde 6 sany maslahat guralyp, olarda kompaniýalaryň wekilleriniň, ulag-logistika pudagyndaky bilermenleriň 170-den gowragy çykyş eder.
Gürrüňi edilýän halkara sergini görmäge 47 döwletden 18 müňden gowrak adamyň gelmegine garaşylýar.