ELÝETERLI «TESLA» KUWWATYNY ÝITIRMÄNDIR
Kategoriýa: Habarlar

Ilon Maskyň ýolbaşçylyk edýän «Tesla» kompaniýasy «Model Y» elektromobilleriniň täze görnüşini tanyşdyrdy. Ol öz «doganlaryndan» bahasynyň arzanlygy bilen tapawutlanýar.

«Model Y» iki sany elektromotor bilen üpjün edilipdir. Diýmek, onuň kuwwaty entek hem ýokary. Şol bir wagtyň özünde ulagyň batareýalarynyň kuwwatlylygy biraz peselipdir. «Model Y» bir zarýadda 449 km ýol geçmäge ukyply. Mysal üçin, «Model Y Long Range» ulagy bir zarýadda 531 km ýol geçmegi başarýar. Şeýle-de elektromobiliň 96 km/sag tizlige 5 sekuntda ýetýändigi, iň ýokary tizliginiň bolsa sagatda 217 kilometre deňdigi nygtalvar. Nähili bolsa-da, batareýalarynyň kuwwatlylygy iki ulagda hem ýolda galmak ähtimallygyny aradan aýyrýar.

Maglumatlara görä, «Model Y» 49 990 müň amerikan dollaryndan satylar. «Model Y Long Range» ulagyna 52 990 müň amerikan dollary, has ýokary hilli «Performance» bolsa 56 990 müň amerikan dollary baha kesilýär.