HYTAÝYŇ TARYHYNDAKY IŇ GYMMAT AWTOULAGYŇ GÖRKEZIJILERI NÄHILI?
Kategoriýa: Habarlar

1180 at güýji, gaýtalanmajak dizaýn, 38 sany datçik, 4 tonnalyk agram... Hytaýyň «BYD» kompaniýasy ýurtdaky toplumlaýyn öndürilýän ulaglaryň arasynda iň gymmat awtomobili — «Yangwang U8-i» taýýarlady. Onuň bahasynyň 160 000 amerikan dollara deň boljakdygy nygtalýar.

Dagda-düzde hereket etmäge ukyply kuwwatly ulagyň 2500 kg-a barabar bolan ýüki çekmäge ukyplydygy mälim edilýär. Emma awtomobiliň ýene-de bir aýratynlygy — onuň batareýasydyr. Ol 30 göterimden 80 göterime bary-ýogy 5 minutda zarýadlanmagy başarýar. 4 elektromotor bilen üpjün edilen «BYD Yangwang U8» bir zarýad bilen 1000 km gowrak ýol geçip biler.

16 kamera we 14 sany ultrases radarlar ulagyň howpsuz dolandyrylmagyna şert döreder. Ulagda göz öňünde tutulan emeli hemra aragatnaşyk tehnologiýasy bolsa siziň hiç haçan «ýitmezligiňizi» üpjün eder. Ulagyň daşy germetiklenen, bu bolsa ulaga suwda «ýüzmäge-de» mümkinçilik berýär.

Ulag 100 km/sag tizlige 3 sekuntda ýetmäge ukyply.