«American Trucks» kompaniýasy Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iri onlaýn söwda dükanlarynyň birine eýeçilik edýär. Ýakynda, kompaniýanyň bilermenleri barlag geçirip, iň tanalýan awtoulag haryt nyşanlaryny kesgitlediler.
Maglumatlara görä, häzirki wagtda dünýäde iň tanalýan marka «Audidir». Ikinji orunda bolsa «BMW» ýerleşýär. Geçen saparky barlaglarda «Tesla» kompaniýasy yzdaky orunlarda ýerleşipdi. Emma bu gezek kompaniýanyň nyşanynyň 3-nji orny eýeländigi nygtalýar. Bu ýagdaý kompaniýanyň satuwynyň Ýewropada, HHR-de we ABŞ-da ilerleýändigi bilen baglanyşykly.
«Tesladan» soňky orunlarda «Toyota», «Mercedes-Benz» we «Lexus» ýaly kompaniýalar ýerleşýär. Şol bir wagtyň özünde-de, meşhur «Kia» kompaniýasynyň markasy iň yzdaky orunlarda ýerleşendigini aýtmak gerek. Onuň sebäbi kompaniýanyň birnäçe ýyl öň rebrending geçirendigi bilen düşündirilýär.