Türkmenistanda «Emel» dizaýnerlik studiýasy tarapyndan taslamasy işelenilip düzülen we döredilen «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasynyň ilkinji sany 2021-nji ýylyň oktýabr aýynyň ortalarynda neşir edildi. Bu neşirde türkmen hususy kärhanalarynyň we telekeçileriniň 50-den gowragy barada maglumat ýygnaldy.
«Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasynyň ikinji sanynyň 2022-nji ýylyň maý aýynda neşir edilmegi meýilleşdirilýär. Iki-üç aýyň içinde «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasynyň nobatdaky neşiriniň sahypalarynda orun isleýän täze gatnaşyjylary kabul edişlik başlanar. «Tanat» işewürlik-maglumat kitapçasy, adatça ýylda bir gezek çap edilýär.
«Tanat» işewürlik-maglumat kitapçalary hususy kärhanalara, senagat birleşiklerine, banklara, telekeçilere özleri hakda maglumatlary belli bir ýerde ýerleşdirmäge mümkinçilik berýär. Bu ýagdaý bolsa kuwwatly hyzmatdaşlary gözlemeklik işini aňsatlaşdyrýar.