Türkmenistanyň we Özbegistanyň üstaşyr ulag ýük geçirijilik kuwwatyny ýokarlandyrmak maksady bilen, «Farap awtoýollary» gümrük nokadynyň durkuny täzelemek işlerine girişildi. Munuň özi gümrük nokadynyň geçirijilik ukybynyň günde 1000 awtoulag serişdesini goýbermäge mümkinçilik berer.
Bu barada Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen Özbegistan Respublikasynyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň ýanyndaky Gümrük komitetiniň wekilleriniň gatnaşmagynda wideo aragatnaşyk arkaly geçirilen iş duşuşygynda türkmen tarapy mälim etdi.
Netijeli geçen duşuşyga Lebap welaýatynyň Farap awtoýol gözegçilik-geçiriş ýerindäki «Farap awtoýollary» hem-de Özbegistan Respublikasynyň Buhara welaýatynyň «Alat» gümrük nokatlarynyň işini özara sazlaşykly guramak boýunça meseleleri ara alyp maslahatlaşmak üçin gulluklaryň degişli hünärmenleri gatnaşdylar.
Kärdeşler iki döwletiň üstaşyr ulag ýük geçirijiliginde bu serhet geçelgesiniň ähmiýetini belläp, gümrük nokatlarynyň durkuny täzelemek, bu ýerden geçirilýän ulag serişdeleriniň sanyny artdyrmaga şert döretmek barada nygtadylar. Taraplar özara hyzmatdaşlygyň soňky wagtda has-da ösdürilýändigini kanagatlanma bilen bellediler.