IŇ ÇALT BAHASY ARZANLAÝAN AWTOMOBILLERIŇ SANAWY BILEN TANYŞ BOLUŇ!
Kategoriýa: Habarlar

«iSeeCars» agentliginiň bilermenleri iň çalt arzanlaýan ulaglaryň sanawyny düzdüler. Olar hiliniň ýokarydygyna garamazdan, käbir sebäplere görä, müşderileriň göwnünden turup bilmändirler. Satuwyň peselmegi bolsa olaryň bahasynyň arzanlamagyna getiripdir.

Sanawda ilkinji orny dünýäniň iň kämil elektromobilleriniň biri bolan «Audi E-tron» eýeleýär. Ol bir ýylyň dowamynda 27,8 göterim ýa-da 22,8 müň amerikan dollary möçberinde arzanlap, bahasy 59 müň amerikan dollaryna deň bolupdyr.

Arzanlan ulaglaryň arasynda «Mercedes-Benz S-Class» hem bar. Ol bir ýylyň dowamynda 30 müň amerikan dollary möçberinde arzanlap, 104,5 müň amerikan dollaryna deň bolupdyr.

Arzanlan ulaglaryň arasynda «Alfa Romeo Stelvio» (14,698 müň amerikan dollary arzanlady, häzirki wagtda onuň bahasy 39,994 müň amerikan dollary), «Audi A4» (11,963 müň amerikan dollary arzanlady, häzirki wagtda bahasy 37,265 müň amerikan dollary), «Nissan titan» (13,809 müň amerikan dollary arzanlady, häzirki wagtda onuň bahasy 39,994 müň amerikan dollary) ýaly awtoulaglar esasy orunlary eýeleýärler.