Şu ýylyň I çärýeginde Hytaý Halk Respublikasy awtomobil eksporty boýunça taryhda ilkinji gezek dünýä birinjiligini eýelemegi başardy. Ýurt üstümizdäki ýylda 1,069 million awtomobili eksport edipdir. Hytaýda awtomobilleriň esasy bazarlary — RF, ABŞ, Meksika, Beýik Britaniýa, Belgiýa, Ýaponiýa we beýleki ösen döwletlerdir.
«Tesla China, SAIC», «Chery», «Geely», «Great Wall Motors», «Changan» we «BYD» kompaniýalary ýurduň awtomobil pudagynyň kuwwatlanmagynda wajyp orny eýeleýär.
Iň köp awtomobil eksport edýän ikinji ýurt Ýaponiýadyr. Ol «Toyota», «Honda» we beýleki kompaniýalaryň tagallalary bilen I çärýekde 1,047 million awtomobil satdy. Iri konsernlere — «VW», «Mercedes-Benz», «BMW» ýaly kompaniýalaryň bardygyna garamazdan, Germaniýa sanawda üçünji orna geçipdir.
Hytaýyň bu ýylyň ahyryna çenli eksport edýän awtomobilleriniň sanynyň 4 milliona ýetjekdigi çaklanýar.