«Türkmendemirýollary» agentligi Moskwada wekilhanasyny açar
Kategoriýa: Habarlar

«Russiýanyň demirýollary» holdingi Aşgabat şäherinde öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirýär.

Bu barada kompaniýanyň metbugat gullugy habar berdi.

«Türkmenistan bilen Russiýanyň arasynda demir ýol pudagy boýunça 2023 ― 2025-nji ýyllar aralygyndaky Maksatnama doly güýjünde işleýär. Özara kabul edilen resminamanyň maksatlarynyň biri hökmünde rus kompaniýasy ýakyn geljekde Aşgabat şäherinde öz wekilhanasyny açmagy meýilleşdirilýär. Şol sanda taraplar Russiýanyň Moskwa şäherinde hem «Türkmendemirýollary» agentliginiň wekilhanasyny açmak üçin iş alyp barýarlar» diýip, bu mesele babatynda TASS habar berdi.